Şenbe, dekabr 15, 2018

Türkmenistanyň DHÇMB-da dellalçylyk ýerlerini resmileşdirmek tertibi

1. Siziň kompaniýaňyzyň adyndan TDHÇMB-nyň başlygynyň adyna ýazylan ýuztutma hatyňy tabşyrmaly ( erkin ýazylan görnüşde).

2. Dellalçylyk ýerleri 1 (bir) ýyl möhleti bilen resmileşdirilýar. Dellalçylyk ýeriniň bahasy rezidentler üçin 700 (ýedi ýuz) manat we rezident däller üçin 4000 ( dört mün) amerikan dollary.

3. Şu resminamalar bukjasyny tabşyrmaly:

- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri goýlan wekiliň ( dellala) adyna berlen ynanç hatynyň asyl nusgasy

- dellalyň pasportynyň nusgasy

- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň golyny we möhürini goýmak bilen bank salgylarynyň blankasyny doldurmaly (nusgasy goşulýar)

- Esaslandyryş resminamalaryň nusgasy (Tertipnama, reýestr..)

- Ýolbaşçynyň 3x4 görnüşli bir suraty

- "borçnamalar" blankasyny doldurmaly we gol hem-de möhür bilen tassyklamaly

- Dellalçylyk ýeri üçin geçirilen tölegiň tassyknamasy

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+ (993)12 44-60-80

+ (993)12 44-66-53