Şenbe, dekabr 15, 2018

Birža geleşikleri

14. Birža geleşikleri Biržada söwdalaryň barşynda şu Kadalarda göz öňünde tutulan tertipde dellallaryň arasynda baglaşylýar. Şu Kadalaryň bozulmagy bilen baglaşylan geleşikler üçin Birža jogapkärçilik çekmeýär we nägilelikleri kabul etmeýär.

15. Birža geleşiginiň mazmuny (harydyň adyndan, mukdaryndan, bahasyndan, geleşigiň walýutasyndan, harydyň ýerleşýän ýerinden we ýerine ýetirilmeli möhletinden başga) täjirçilik syrydyr we jar edilmäge degişli däldir.

16. Birža geleşigi söwdany alyp baryjy tarapyndan söwda gatnaşyjylarynyň geleşigi amala aşyrmaga dil üsti bilen beren razyçylygynyň jemagat öňünde yglan edilen pursadyndan baglaşyldy diýlip hasap edilýär.

17. Birža resmi namalarynyň ähli görnüşleriniň resmileşdirilişi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

18. Birža söwdalarynda geleşikleriň şu görnüşleri baglaşylyp we hasaba alnyp bilner:

- harydy haýal etmän (30 güne çenli) bermek şertinde hakyky harydy satyn almak- satmak geleşikleri

- hakyky harydy ugratmak möhletini gaýra goýmak (30 gün we ondan hem köp) şertinde satyn almak-satmak geleşikleri