Şenbe, dekabr 15, 2018

Umumy düzgünler

1.Birža söwdasynyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (mundan beýläk – Birža) söwdalaryny geçirmegiň tertibini kesgitleýän esasy resminamadyr.

2. Kadalar “Haryt-çig mal biržalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we Biržanyň Tertipnamasyna laýyklykda Biržanyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.

3. Şu Kadalar Biržanyň we birža söwdasyna gatnaşyjylaryň, şeýle hem olaryň müşderileriniň arasynda birža söwdasynyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we birža söwdalarynyň geçiriliş düzgünlerini tertipleşdirýär.

4. Kadalar aşakdaky ýörelgeler esasynda düzülýar:

- aýanlyk we açyklyk, bu bolsa söwda gatnaşyjylary harytlaryň söwda çykarylandygy hakynda hökmany habardar etmegi göz öňünde tutýar

- nyrhlar, islegler we teklipler esasynda emele gelýär

- birža söwdalaryna ähli gatnaşyjylar tarapyndan Kadalaryň berk berjaý edilmegi

- birža söwdalarynyň ähli gatnaşyjylary üçin deň hukulary döretmek