Şenbe, dekabr 15, 2018

Birža harydy

10. Birža harydy diýip şu Kadalarda göz öňünde tutulan tertipde Birža söwdalaryna çykarylmaga we ýerlenilmäge rugsat berlen maddy gymmatlyga düşünilýär.

11. Intellektual eýeçilige degişli zatlar, sungat eserleri, gozgalmaýan emläk we gymmatly kagyzlar Birža harydy bolup bilmeýär.

12. Zerurlyk ýüze çykan halatynda, Biržanyň söwdalarda ýerlenilýän harytlaryň hiliniň we/ýa-da barlagynyň seljermesini guramaga hukugy bardyr.

13. Birža dellal tarapyndan satuwa çykarylan, diňe kesgitlenilen ýa-da düzgünleşdirilýän nyrhlar boýunça ýerlemäge rugsat berlen harytlar üçin jogapkärçilik çekmeýär. Şu halatda hereket edýän kanunçylygyň bozulanlygy üçin ähli jogapkärçiligi harydyň satyjysy (eýesi) çekýär.