Şenbe, dekabr 15, 2018

Birža söwdalary we oňa gatnaşyjylar

5. Birža söwdalary jemagat öňündäki açyk birža we auksion söwdalary görnüşinde, öňünden kesgitlenilen ýerde hem-de belli bir wagtda geçirilýär.

6. Biržada söwdalaryň geçiriljek wagty we ýeri başlyk tarapyndan kesgitlenilýär, ol Birža gatnaşyjylary habardar etmek bilen, has netijeli söwda grafigini gazanmak üçin söwdalaryň geçirilmeli senesini we wagtyny üýtgedip bilýär.

7. Şular birža söwdasyna gatnaşmaga degişlidir:

- birža söwdasyna gatnaşmaga hukuk berlen şahsyň bähbidini araýan dellallar

- söwdalarda birža harytlaryny satyn almak-satmak boýunça hyzmatlary etmek barada bir gezeklik baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda edara görnüşli taraplaryň we şahsy adamlaryň bähbidini araýan birža dellallary

- Biržanyň başlygy, onuň orunbasarlary

- geleşikleri amala aşyrmaga we birža söwdasynyň gidişine goşulmaga hukugy bolmadyk, Biržada bolmaklygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ygtyýarly edilen ýa-da Birža tarapyndan rugsat berlen şahslar

- Biržanyň söwdalaryna hyzmat edýän we geleşikleri amala aşyrmaga hem-de birža söwdasynyň gidişine goşulmaga hukugy bolmadyk, Biržanyň başlyk tarapyndan kesgitlenilýän sandaky işgärleri

Birža söwdasyna gatnaşmaga hukugy bolan gatnaşyjylar biržanyň söwda zalyna girmezinden öň Birža tarapyndan berlen belgili kartoçkasyny görkezýärler. Biržanyň söwda zalyndan oturan ähli adamlaryň özüni alyp barşy Biržanyň abraýyny goramak üçin zerur bolan telekeçilik etikasyna laýyk gelmelidir. Söwda gatnaşyjylar laýyk geýnen bolmalydyrlar we öz ýanlarynda söwdalara gatnaşyjylarynyň kartoçkalaryny götermelidirler.

Biržanyň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň söwdalaryň gidişine goşulmaga hukugy bardyr (söwdany duruzmaklyga we birža gününi ýapmaga çenli).

8. Birža geçiriliş düzgüniň berjaý edilmegini we söwda gatnaşyjylaryň deňeşdirilip görülmegini üpjün edýär.

9. Söwdalara gatnaşyjylaryň her biriniň ýanynda Biržanyň degişli geçirişnamasy bolmalydyr.