Şenbe, dekabr 15, 2018

Söwdalara taýýarlyk görmek

19. Satuwa çykarmaga ýüztutmalary resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar:

- Birža tarapyndan kesgitlenilen görnüşde doldurylan, harydy satuwa çykarmak üçin ýüztutma (1 goşundy). Söwda gatnaşyjysy dellallyk ýeri bolan mahaly öz adyndan, dellallyk ýeri bolmadyk halatynda, müşderi bilen bir gezeklik dellalçylyk hyzmatlaryny etmek barada baglaşylan şertnama ( 2 goşundy) esasynda Biržanyň dellalynyň adyndan ýüztutmany berýär

- harydy söwdalara çykarmak barada Birža ýazylan ýüzlenme haty

- ýokarda duran guramanyň (ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary) Biržanyň üsti bilen harytlary ýerlemäge rugsat berýän haty (döwlet kärhanalary üçin)

- öndürilen harydyň düşýän bahasynyň hasaby, eger satyjy harydyň öndürijisi bolup durýan bolsa

- eger-de satyjy öndüriji bolup durmaýan bolsa, harydyň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalar (şertnama, ýük gümrük jarnamasy)

- eger-de önümler içerki bazarda satyn alnan bolsa, şertnamanyň nusgalary, tölegler baradaky resminamalar, harydyň tabşyryş-kabul ediş delilnamasy

- eger satyjy öndüriji bolup durmaýan bolsa, söwda çykarylýan önümiň laýyklyk güwänamasy, (öndürijiler täze özleşdirilen we ilkinji gezek söwda çykarylýan haryda laýyklyk güwänamasyny berýär

- ýolbaşçy we maddy jogapkärçiligini çekýän adam tarapyndan gol çekilen, kärhananyň möhüri bilen tassyklanylan, harydyň bardygy baradaky güwänama

-nyrhyny we mukdaryny görkezmek bilen, söwda çykarylýan harytlaryň ýöriteleşdirmesi

-edara görnüşli taraplara we şahsy adamlara daşary ykdysady işlerini amala aşyrmaga hukuk berýän resminamalar

- Birža tarapyndan talap edilýän beýleki resminamalar

20. Satuwa çykarmak üçin ýüztutma degişli birža gulluklary tarapyndan harytlary birža söwdalaryna goýbermek üçin nyrhlar we resminamalaryň barlygy we dogrylylygy boýunça garalýar.

21. Birža söwdalaryna çykarmak üçin berlen we söwdalaryna goýberilen harytlary satuwa çykarmak baradaky arzalaryň esasynda birža harytlarynyň maglumatnamasy düzülýar we ol söwdalaryň başlanmagyna çenli bir gün öňünden çap edilýär.

22. Öňde boljak birža söwdalary barada habar bermek üçin Birža köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we/ýa-da Biržanyň saýtynda maglumatlary ýerleşdirýär.

23. Satyn almaga ýüztutmany resmileşdirmek üçin zerur resminamalar:

- Birža tarapyndan kesgitlenilen görnüşde doldurylan, harydy satyn almak ýüztutmasy (3 goşundy). Dellalçylyk orny bolan birža söwdasyna gatnaşyjysy öz adyndan, dellalçylyk orny bolmadyk halatynda, müşderi bilen bir gezeklik dellalçylyk hyzmatlaryny etmek barada baglaşylan şertnamanyň esasynda Biržanyň dellalynyň adyndan doldurylan ýüztutma (4 goşundy)

- haryt manada satyn alnanda – manat serişdeleriniň kanuna laýyk gelip çykyşyny we barlygy baradaky bankyň güwänamasy (dahylly däller üçin). Bankyň güwänamasy berlende bank dahylly däl alyjy üçin serişdelerini bronlaýar

- haryt erkin dolanyşykdaky walýuta satyn alnanda – töleg baradaky kepillendiriş haty

-ýokarda duran guramanyň (ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary) harydy satyn almaga rugsat berýän haty (döwlet kärhanalary üçin)

24. Satyn almak ýüztutmalary Biržanyň degişli gullugy tarapyndan kabul edilýär. Satyn almak baradaky ýüztutma söwdalaryň başlanmagyna çenli azyndan 4 sagat öňünden berilmelidir.

25. Harytlar satuwa çykarylan mahaly Satyjy-dellal harytlaryň GDA DYI HN klassifikatory boýunça harydyň koduny görkezmäge borçludyr.

26. Birža satyn alyjy-dellaldan aýratyn haryt loty boýunça kepillik pul gatançlarynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamany talap etmäge hukugy bardyr. Bu amal satyn alyjy-dellalyň meýliniň çynlakaýlygyny tassyklamak üçin ýerine ýetirilýär.

27. Gurmaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda baglaşylýan, umumy bahasy 30 000 000 (otuz million) manatdan az bolan geleşikler Biržadan gaýra geçirilip bilner.

28. Dessine ýerlenilmegini talap edýän harytlar Biržanyň maglumatlar binýadyna ýüztutmany deslapdan girizmezden söwdanyň başlanmagyna azyndan 2 (iki) sagat galýança gyssagly ýüztutmanyň (dellalyň familiýasy we belgisiniň görkezilmegi bilen) Birža söwdasyny guraýjy bölümine berilmegi arkaly satuwa çykarylýar.

29. Dellalçylyk ýüztutmalary boýunça maglumatlaryň islendik üýtgemeleri söwdalaryň başlanmagyna çenli iki sagat galýança kabul edilýär.

30. Birža tabşyrylan resminamalaryň dogrulylygy boýunça ýüztutmany beren şahs jogapkärçilik çekýär.