Şenbe, dekabr 15, 2018

Söwdalary geçirmek

31. Biržanyň söwda zalyna söwda gatnaşyjylary goýbermek söwdanyň başlanmagynyň 15 minut öňünden başlanýar. Söwdalaryň gatnaşyjylary söwdanyň ähli dowamynda söwda zalyndan çykmaly däldirler. Söwdalarda Satyjy-dellalyň bolmadyk halatynda onuň ýüztutmasy söwdadan aýrylýar, dellala bolsa Biržanyň Araçy topary tarapyndan kesgitlenilýän temmi çäreleri ulanylyp bilner.

32. Söwdanyň başlandygy we tamamlanandygy barada söwdalara ýolbaşçylygy amala aşyrýan we baglaşylan geleşikleriň dogrulygyna gözegçilik edýän söwdany alyp baryjy mälim edýär.

33. Söwdany alyp baryjy söwdany Biržanyň maglumatnamasynda ýerleşdirilen haryt toparlarynyň tertibine laýyklykda alyp barýar. Alyjy-dellal haryt lotuna bolan gyzyklanmasyny awtomatlaşdyrylan iş ýerinden girmek ýa-da dellalçylyk kartoçkasyny galdyrmak bilen bildirip biler. Söwda gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça söwdany alyp baryjynyň öňki yglan edilen lota gaýdyp gelmäge hukugy bardyr.

34. Satyjy-dellalyň söwdanyň dowamynda öz harydyna nyrhy galdyrmaga hukugy ýokdyr. Harydyň nyrhy diňe birnäçe Satyn alyjy-dellallaryň bolan halatynda galdyrylyp bilner. Eger-de söwdanyň dowamynda haryda gyzyklanma dörän bolsa, Satyjy-Dellal söwda dowam edip duran mahaly harydy söwdadan aýyrmaga hukugy ýokdur.

35. Satyjy-dellal hödürlenen ýüztutma boýunça esaslandyrylan sebäpleri görkezmezden Satyn alyjy-dellal bilen geleşik baglaşmakdan boýun gaçyrmaga hukugy ýokdur. Eger-de Satyjy-dellal geleşigi baglaşmakdan boýun gaçyrýan bolsa, bu onuň söwdada ýoklugy ýaly hasap edilip, oňa garşy Biržanyň Araçy topary tarapyndan kesgitlenilýän temmi çäreleri ulanylyp bilner.

36. Eger-de söwdalaryň üçüsiniň dowamynda satuwa çykarylan ýüztutma ýerleşdirilmese, şeýle hem bahasy arzanlanmadyk bolsa, ýüztutma söwdadan aýyrlyp bilner. Haryda isleg bildirilmedik ýagdaýynda Satyjy-dellalyň ýüztutmasynyň ilkibaşdaky şertlerini hem-de harydyň bahasyny üýtgetmäge hukugy bardyr.

37. Satyjy-dellal bilen Satyn alyjy-dellalyň arasynda geleşigi baglaşmak baradaky razyçylyk alnandan soň, söwdany alyp baryjy bu geleşigi jemagat öňünde yglan edýär we resmileşdirýär.

38. Eger-de haryt lotuny satyn almaga birnäçe alyjy isleg bildirse, onda söwdany alyp baryjy olaryň arasynda bäsleşikli söwdany geçirýär. Ähli tapgyry iň ýokary bahadan satyn alýan alyjy, bäsleşik söwdasynda artykmaçlyk (ýa-da onuň has köp bölegini, eger-de haryt loty bölünýän bolsa) alýar.

39. Söwdalar tamamlaýança gatnaşyjylar birža geleşigiň şertlerini anyklamak bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça öz aralarynda özbaşdak maslahatlaşyp bilerler. Bu birža geleşigini resmileşdirmek üçin Satyjy-dellal we Satyn alyjy-dellal söwdany alyp baryja ýüzlenýärler. Tiketi resmileşdirmek we geleşigi hasaba almak birža söwdasy tamamlanandan soň iki sagatdan gijä galman amala aşyrylýar.

40. Eger-de söwdany alyp baryjy tarapyndan geleşik bellenenden soň, ony tassyklamakdan, ýa-da geleşik esasynda baglaşylan ylalaşygy gol çekmekden söwdalaryň gatnaşyjylary boýun gaçyrýan bolsalar, onda olara biržanyň Araçy topary tarapyndan kesgitlenilýän temmi çäreleri ulanylyp bilner.

41. Söwdalarda bildiriş etmek söwdany alyp baryjy tarapyndan amala aşyrylýar. Söwda gatnaşyjylaryň söwdalaryň dowamynda bildiriş etmäge hukuklary ýokdur.

42. Biržanyň söwda zalynda bolan adamlar özüni alyp barmak kadalaryny bozan halatynda, söwdany alyp baryjynyň olary söwda zalyndan çykarmaga hukugy bardyr

43. Hasaba alnan geleşik esasynda söwdany alyp baryjy tiketi resmileşdirýär, oňa Satyjy-dellal, Satyn alyjy-dellal we söwdany alyp baryjy gol çekýärler.

44. Birža söwdasynda satylan we geleşigiň tiketini resmileşdirmek we gol çekmek bilen kesgitlenilen harydyň bahasy, alyjy tarapyndan töleg möhleti tamamlanýança üýtgedilmäge degişli däldir. Eger-de, Satyn alyjy tölegleri wagtynda geçirmedik ýagdaýynda, Satyjy bir taraplaýyn geleşigi ýatyrmak meselesini gozgap biler.

45. Tiketiň esasynda birža şertnamasynyň (azyndan 3 nusgada) resmileşdirilmegi we bäş iş günüiň (geleşigiň reşmileşdirilen gününi hasaba almazdan) dowamynda Biržada hasaba alynmagy üçin Satyjy we Satyn alyjy jogapkärdir. Käbir halatlarda Biržanyň ýolbaşçylygynyň ylalaşygy esasynda hasaba alyş möhleti uzaldylyp bilner. Görkezilen möhlet berjaý edilmedik halatynda biržanyň degişli gullugy ýazmaça görnüşinde hasaba alyş möhletleriniň bozulmagynyň sebäbini görkezmek bilen Biržanyň Araçy toparyna habar bermelidir. Araçy topar günäli tarapa şu Kadalaryň 52-nji bendinde göz öňünde tutulan çäreleri görmek baradaky çözgüdi çykarmaga haklydyr.

46. Degişli birža gulluklary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hasaba alynmaga berlen şertnama garaýarlar hem-de onuň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelşini barlaýarlar. Birža gulluklary tarapyndan makullanyp, Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan hasaba almaga rugsat berlenden soň, şertnamanyň taraplary degişli birža ýygymlaryny töleýärler we şondan soň şertnama Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilýär hem-de oňa hasaba alyş belgisi berilýär. Hasaba alnan şertnamalar şertnamanyň taraplaryna berilýär, bir nusgasy Biržanyň arhiwine saklamak üçin berilýär. Bir aýyň dowamynda talap edilmedik hasaba alnan şertnamalar, Biržanyň Araçy toparynyň çözgüdi esasynda ýatyrylýar we arhiwe tabşyrylýar. Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýa-da birža ýygymlary tölenilmedik ýagdaýynda degişli birža gullugy bu barada Biržanyň ýolbaşçyllaryna ýazmaça habar berýär hem-de hasaba alynmadyk şertnamalary şertnamanyň tarapyna (taraplaryna) gaýtaryp berýär.

47. Birža tiketiniň esasynda baglaşylan şertnamanyň hasaba alynmagy üçin her bir tarapdan degişli birža ýygymlary Türkmenistanyň dahyllylaryndan manatda, Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan erkin ýörgünli pulda alynýar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça birža ýygymyny Türkmenistanyň dahylsyzlaryna doly möçberde erkin ýörgünli pulda tölemeklige ýol berilýär. Birža ýygymy birža tiketiniň resmileşdirilen we hasap-fakturasynyň ýazylyp berlen gününden başlap 10 bank gününiň dowamynda tölenmelidir. Tölenen birža ýygymlary gaýtarylmaga degişli däldir. Birža söwdalaryndan daşary baglaşylan we hasaba almak zerurlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertnamalaryň biržada hasaba alynmagy şu Kadalaryň 46 we 47-nji bölümlerinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

48. Birža dellalynyň we müşderiniň arasynda ahli hasaplaşyklar manatda (dahyllylardan) we erkin ýörgünli walýutada (dahylly dällerden) degişli birža gulluklarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

49. Birža zerurlyk çykan halatynda hasaba alnan ylalaşyklar boýunça taraplaryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty talap edip biler.