Birža arbitražy


 

 
 
50. Birža geleşikleri we birža söwdasy bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça ýüze çykýan jedeller Biržanyň Araçy topary tarapyndan çözülýär.
 
51. Şular Araçy toparynyň ygtyýarlyklaryna girýärler:
- Biržanyň talaby boýunça Türkmenistanyň DHÇMB-da hasaba alnan geleşikleriň hereketini ýatyrmak
- Biržada hasaba alnan we talap edilmedik şertnamalaryň hereketini ýatyrmak
- Birža geleşikleri we birža söwdasy bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça ýüze çykýan jedellere garamak
- Biržada hasaba alnan şertnamalar boýunça olar baglanyşylanda, üýtgetmeler girizilende, ýerine ýetirilende we hereketi ýatyrylanda ýüze çykýan jedellere garamak
 
52. Birža söwdasynyň kadalarynyň bozulanlygy üçin Biržanyň Araçy topary tarapyndan şu aşakdaky temmi çäreleri göz öňünde tutulýar:
- birinji gezek bozulmagy üçin - Türkmenistanyň dahyllylaryna 600 manat we Türkmenistanyň dahylsyzlaryna 3000 amerikan dollary möçberde pul jerimesi
- bir ýylyň dowamynda gaýtadan bozulmagy üçin – Türkmenistanyň dahyllylaryna 1200 manat, Türkmenistanyň dahylsyzlaryna 6000 amerikan dollary möçberde pul jerimesi ýa-da iki ýyla çenli möhlete Biržada söwda amallaryny alyp barmak hukugyndan mahrum etmek
- yzygiderli bozulmagy üçin Biržada söwda amallaryny alyp barmak hukugyndan hemişelik mahrum etmek
 
53. Araçy toparynyň çözgüdi bilen ylalaşylmadyk ýagdaýynda taraplaryň Türkmenistanyň Araçy kazyýetine ýüz tutmaga haky bardyr.