Kotirowkalar



Hormatly adamlar,

Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň söwdalarynda satylýan önümler:

  • Nebit önümleri
  • Portland sement PS 500-GO
  • Reňksiz aýna
  • Aýna çüýşeleri
  • Pagta önümleri
  • Tekstil önümleri we ýeňil senagatyň beýleki önümleri

Giňişleýin maglumaty kotirowkalardan alyp bilersiňiz.

 

BILDIRIŞ!!!

Hormatly dellallar! Nebit-gaz toplumynyň harytlyk önümleriniň birža söwdalary hepdäniň duşenbe, çarşenbe we anna günleri geçirilýändigini ýatladýarys!
Birža söwdalaryň başlaýan wagty sagat 16:30.

DELLALLARYŇ DYKGATYNA!!!

2016-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy tarapyndan, Birža söwda ulgamynyň täzelenen programma üpjünçiligi(PÜ) ulanyşa girizildi. Dellallaryň söwda gatnaşmagy üçin bu programma üpjünçiligini söwda zalynyň Simsiz(Wifi) ýa-da simli toruna birikdirip siziň şahsy noutbuklaryňyza we planşetleriňize(Diňe Windows) goýduryp bolar.

Söwda zalynda programma üpjünçiligini işe girizmek üçin siziň kompýuteriňiz aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

Operasion ulgamy: Microsoft Windows 10
Simsiz aragatnaşyk: WiFi b/g/n
Simli tor: LAN Ethernet 100 Мб или выше
Ekran: Maslahat berilýän diagonal 12,5” we ýokary
Işjeň ýat: Azyndan 1 Gb.
Goşmaça: Enjamda ornaşdyrylan Web Kamera.
Ornaşdyrylan PÜ:

Antiwirus, Microsoft .NetFramework 4 Microsoft .NetFramework 3.5 Muny we söwda programma üpjünçiligini 2-nji gatda söwda zalynda ýa-da 5-nji gatda Täze tehnologiýalar bölüminde goýduryp bolar(12.30 çenli)

Birža söwdasynyň programma üpjünçiligi boýunça ýüze çykýan soraglar üçin “Täze tehnologiýalar” bölümine ýüz tutuň:
tel. 44-60-17, 44-60-11, 44-60-09