Şenbe, noýabr 16, 2019

Birinji Hazar ykdysady forumy barada maglumat

2019-njy ýylyň 11-12-Awgust aýynda milli Awaza zolagyzmyzda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministriligi  bilelikde Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň we “Türkmen sährasy-2019” halkara awtosergisiniň geçirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portynda ýerleşýän  “Beýik Ýüpek Ýol” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynda göçme söwdasyny gurnaýar. Söwdada ýurdymyzyň uly mukdarda öndürilýän nebit we nebitönümleri, tekstil önümleri, ýeňil senagatyň we beýleki önümleriň satylmagy meýilleşdirilýär.

Halara sergisine birnäçe daşary ýurt kompaniýalar gelmekçi, şol sanda (Yama Petrol Co. Ltd. (Owganystan), Erkin ýol Co. Ltd. (Owganystan), Areti (Sweýsariýa), Danuba Petrol Trade S.A. (Lýuksemburg), Ýug polimer JÇJ (Russiýa), Promyşlennyýe inwestisii JÇJ (Russiýa), Paul Reinhart A.G. (Şweýsariýa), Olam International (Singapur),Torgoviy Dom Turkmenistana AMUL JÇJ (Özbegistan),Discount Glass Sale HK (Özbegistan), Ferlo Business Limited (Özbegistan), Dragon Oil, CNPC, Petronas, Shlumberger we ş.m.)

Foruma gyzyklanma bildirýän, Hazarýaka döwletleriň wekiliýetleri we halkara ykdysady, ulag maliýe, ekologik  guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.

Forumyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ulag ulgamlaryny, hyzmatlaşyk gatnaşyklary, ekologiýa meselelerini kämilleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmegi  we ýurdumyzyň daşary ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligini has-da artdyrmak mümkinçilikleri  meýilleşdirilýändir.