Şenbe, noýabr 16, 2019

Türkmenistanyň DHÇMB-da dellalçylyk ýerlerini resmileşdirmek tertibi

1. Siziň kompaniýaňyzyň adyndan TDHÇMB-nyň başlygynyň adyna ýazylan ýuztutma hatyňy tabşyrmaly (Nusgasy).

2. Dellalçylyk ýerleri 1 (bir) ýyl möhleti bilen resmileşdirilýar. Dellalçylyk ýeriniň bahasy rezidentler üçin 10 000 (on müň) manat, rezident däller üçin 5000 (baş müň) amerikan dollary we nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini satyn alyjy rezident däller üçin 10 000 (on müň) amerikan dollary.

3. Şu resminamalar bukjasyny tabşyrmaly:

- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri goýlan wekiliň ( dellala) adyna berlen ynanç hatynyň asyl nusgasy

- dellalyň pasportynyň nusgasy

- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň golyny we möhürini goýmak bilen bank salgylarynyň blankasyny doldurmaly (Nusgasy)

- Esaslandyryş resminamalaryň nusgasy (Tertipnama, reýestr..)

- Ýolbaşçynyň 4x5 görnüşli bir suraty

- "borçnamalar" blankasyny doldurmaly we gol hem-de möhür bilen tassyklamaly(Nusgasy)

- Dellalçylyk ýeri üçin geçirilen tölegiň tassyknamasy

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 44-61-16

+993 12 44-61-84